
UCL. "Barselona" we "PSŽ" ilkinji ýarym finalçylar
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 15-inden 16-syna geçilýän gije Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklarynyň jogap oýunlary geçirildi. Germaniýanyň Dortmund şäherinde ýerli «Borussiýa» bilen Ispaniýanyň «Barselona» kluby duşuşdy. Oýun 3:1 hasaby bilen ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.
Oýnuň başyndan güýçli basyş görkezýän «Borussiýa» ilkinji ýarymyň dowamynda garşydaşyna howp salýan birnäçe hüjümi amala aşyrdy. Netijede, duşuşygyň 11-nji minutynda emin «Barselona» garşy penalti belledi. Gwineýaly hüjümçi Seru Girassi bu pursatdan peýdalanyp, penalti urgusyny panenka usulynda ýerine ýetirip, öz hasabyna 11-nji goluny ýazdyrdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda Girassi burçdan galdyrylan topdan soň ikinji goluny geçirdi. Aradan kän wagt geçmänkä, «Borussiýanyň» goragçysy Rami Bensebaini topy meýdançadan çykarmak isledi, emma ol topy öz derwezesine gönükdirdi. 76-njy minutda bolsa, Ronal Arauho garşydaşynyň hüjümini kesmekçi bolup, topy Seru Girassiniň öňüne çykardy. Girassi bu mümkinçilikden peýdalanyp, duşuşykdaky üçünji goluny hem geçirdi.
Şeýlelikde, Girassi het-trik etmek bilen, şu möwsümde Çempionlar ligasynda 13 gol bilen bombardirleriň sanawynda öňdeligi ele aldy. Şeýle hem, hüjümçi şol bir wagtda «Borussiýa Dortmund» klubynyň bir möwsümde Çempionlar ligasynda iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde täze rekord goýdy. Ol Robert Lewandowski bilen Erling Holandyň öňki rekordyny (10 gol) geçip, 13 gola ýetdi.
«Borussiýanyň» uly ýeňşine garamazdan, «Barselona» ilkinji duşuşykda 4:0 ýeňiş gazanandygy sebäpli umumy hasapda 5:3 ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykmagy başardy. Bu ýeňliş bilen katalon kluby şu ýyl ilkinji gezek ýeňildi, şeýle hem derwezeban Woýseh Şensnynyň «Barselonanyň» düzümindäki ilkinji ýeňlişi boldy. Hans-Diter Fligiň kluby indiki tapgyrda «Inter» bilen «Bawariýa» (2:1) jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Çärýek finalyň başga bir oýnunda Angliýanyň Birmingem şäherindäki "Villa Park" stadionynda hem möhüm duşuşyk boldy. Fransiýanyň «PSŽ» kluby ýerli «Aston Willa» bilen duşuşdy. Ilkinji duşuşyk Parižde bolup, şol oýunda «PSŽ» 3:1 hasaby bilen ýeňiş gazanandy.
Ilkinji ýarymda myhmanlar güýçli oýnap, 28-nji minutda 2:0 hasaby bilen öňe geçdiler. Fransiýanyň klubynyň düzüminde Aşraf Hakimi we Nunu Mendeş tapawutlandy. Emma ýer eýeleri ýeňlişi boýun almak islemeýärdi. «Aston Willa» oýna dolanyp, Ýuri Tilemans, Jon Makginn we Ezri Konsanyň geçiren gollary bilen ýeňiş gazandy — 3:2.
Umumy hasapda 5:4 ýeňiş gazanan «PSŽ» ýarymfinala çykmagy başardy. Şeýlelikde, ýarym finalda «PSŽ», «Real Madrid» bilen «Arsenal» (0:3) jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.