APL. Salah bilen Wan Deýkiň rekordy, "Liwerpulyň" Çempionlar ligasyna gatnaşmagy

«Liwerpulyň» hüjümçisi Muhammet Salah, Angliýanyň premýer-ligasyndaky bir möwsümde gazanan gol we assist sany boýunça täze rekord goýdy. Onuň bu rekordy premýer-liganyň 38 oýunlyk (ozal 42 oýun oýnalýardy) döwrüne degişlidir.

Salah 2024/25 möwsüminde eýýäm 45 golly herekete gatnaşdy – 27 gol we 18 assist. Bu görkeziji bilen ol meşhur futbolçylar Terri Anrini hem-de Erling Holandy yzda galdyrdy. Anri 2002/03 möwsüminde «Arsenalyň» düzüminde çykyş edip, 24 gol we 20 assist bilen jemi 44 golly hereket gazanypdy. Holand bolsa 2022/23 möwsüminde «Mançester Sitiniň» düzüminde 36 gol we 8 assist bilen şol bir görkezijä ýetipdi – 44.

Indi premýer-liganyň 42 oýunlyk döwründe Salahyň öňünde diňe iki futbolçy bar – Alan Şirer («Blekbern», 1994/95 möwsüminde 47 golly hereket: 34+13) we Endrýu Koul («Nýukasl», 1993/94 möwsüminde 47 golly hereket: 34+13). Salahyň bu iki ady rowaýata öwrülen futbolçynyň rekordyny täzelemegi üçin ýene-de diňe 3 golly herekete gatnaşmagy gerek.

Soňky duşuşykda, Premýer-liganyň 32-nji tapgyrynda, «Liwerpul» öz meýdançasynda «West Hem» bilen duşuşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 18-nji minutynda Luiz Diasyň geçiren goluna assist eden hem Salah boldy. Oýnuň ýeňiş getiren goluny bolsa Wirjil wan Deýk geçirdi.

Bu gol Wan Deýkiň premýer-ligadaky 24-nji goly boldy. Gollandiýaly goragçy 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda ligada çykyş edip başlany bäri merkezi goragçylaryň arasynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Umaman alanyňda bolsa merkezi goragçy hökmünde diňe Jon Terri ondan köp – 27 gol geçiripdi. Şeýle-de bolsa, Wan Deýk kellesi bilen has köp gol geçiren futbolçy – 18 gol. Jon Terriniň kellesi bilen geçiren gol sany 17.

Bu ýeňiş bilen «Liwerpul» 2025/26 möwsümi üçin UEFA Çempionlar ligasyndaky ornuny üpjün etdi. Olar «Arsenaldan» 13 utuk öňe çykyp, möwsümi ikinji orundan aşakda gutarmagy mümkin däl. Klub Çempionlar ligasynyň şu möwsümindäki 1/8 final tapgyrynda «PSŽ» tarapyndan ýoluny dowam etdirip bilmedik bolsa-da, içerki çempionata doly üns berip, netijeli çykyş edýär.

«Liwerpulyň» möwsümde ýene alty oýny galdy. Geljekki garşydaşlary: «Lester», «Tottenhem», «Çelsi», «Arsenal», «Braýton» we «Kristal Pelas». Bu duşuşyklarda Salahyň taryhy täzelemegi ähtimal.