
La Liga. "Sewilýa" möwsümiň ahyrynda tälimçisini üýtgetdi
13-nji aprelde, Ispaniýanyň «Sewilýa» kluby, baş tälimçisi Garsia Pimienta bilen resmi ýagdaýda ýollar aýrylandygyny habar berdi. Bu karar klubyň şu möwsümde La Ligadaky netijeleriniň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly boldy.
"Andalusiýa" kluby häzirki wagtda agyr döwrüni başdan geçirýär — «Sewilýa» La Liganyň sanawynda 13-nji orunda ýerleşýär we 36 utuk bilen çykma zolagyndan bary-ýogy ýedi utuk öňde. Klubyň ýolbaşçylary ýagdaýyň howply derejä ýetendigini belläp, tälimçi bilen gatnaşyklary togtatmak kararyna geldi.
Bu çözgüt «Sewilýa» üçin ýene bir ýitgili duşuşykdan — 31-nji tapgyrda «Walensiýa» garşy 0:1 hasabynda ýeňlişden soň kabul edildi. Bu soňky dört oýunda dördünji ýeňliş boldy. Mundan öň olar «Atletik», «Betis» we «Atletiko» klublaryndan hem ýeňlipdi.
Ispaniýanyň meşhur neşiri "Marca"-nyň habar bermegine görä, bu karary kabul etmek klubuň ýolbaşçylary üçin aňsat bolmandy, ýöne dowam edýän şowsuzlyklar kluby çäre görmäge mejbur etdi.
Tälimçiniň wezipesinden boşadylmagyndan gysga wagt soň, klub täze baş tälimçisini hem yglan etdi. «Sewilýa» resmi taýdan Hoakin Kapparosy möwsümiň ahyryna çenli baş tälimçi hökmünde belläp, muny metbugat gullugy arkaly mälim etdi.
69 ýaşyndaky tälimçi kluba eýýäm tanyş — ol «Sewilýa» bilen bu wezipede mundan ozal üç gezek işleşipdi: 2000-2005-nji ýyllarda, soňra 2017/18 möwsüminde we soňky gezek 2018/19 möwsüminiň ahyrynda 11 duşuşyk geçirdi.
Kapparosa öňde klubyň galan ýedi duşuşygy garaşýar. Ol tälimçi hökmünde ilkinji duşuşygyny «Alawesa» garşy geçirer.