
JH: Towakelow "Ahalda" tapawutlanan 80-nji futbolçy
Nazar Towakelow “Ahal” futbol toparynyň düzüminde Ýokary ligada 2013-nji ýyldan bäri tapawutlanan 80-nji futbolçy hökmünde taryha girdi. Ol bu şanly netijä “Merw” bilen geçirilen 6-njy tapgyryň duşuşygynda ilkinji goluny geçirip ýetdi.
Şol duşuşykda “Ahalyň” adyndan başga-da iki futbolçy tapawutlandy: Daýanç Meredow 11-nji goluny geçirse, Ybraýym Amangeldiýew ikinji gezek derwezä barýan göni ýoly tapdy.
Şeýle hem bellenilmäge mynasyp maglumatlaryň biri, “Ahalyň” kapitany Elman Tagaýew toparyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçysydyr. Ol 2013-nji ýyldan bäri 69 gezek garşydaş derwezesini "awlady". Onuň yzysüre 64 gol bilen häzirki wagtda “Arkadagda” çykyş edýän Didar Durdyýew ýerleşýär. Üçünji orunda bolsa öň “Ahalyň” formasyny geýen, häzirki wagtda “Altyn asyr” toparynda çykyş edýän Wahyt Orazsähedow durýar – ol 33 gezek tapawutlanypdy.
Tapgyryň duşuşygynda "Ahal" "Merwi" 3:0 hasabynda ýeňdi. Bu netije bilen, topar häzir Ýokary ligada ýaryş tertibinde birinji orunda barýar.