TÝB - 2025. Möwsümde ilkinji gezek: bir duşuşykda 12 gol

Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky milli birinjilikde düýn - 10-njy aprelde täsin hasaply duşuşyga şaýat bolundy. "Ahalyň" we "Merwiň" ýaşlar düzümleriniň arasyndaky duşuşykda futbol janköýerleri gollaryň 12-sine şaýat boldular. Şolaryň 10-syny "Ahalyň" ýaşlar düzümi geçirdi. Üç oýunçynyň - Begenç Mämiýewiň, Medetgeldi Çaryýewiň we Annamyrat Meredowyň goşa goldan geçiren duşuşygynda ýeňiji toparyň beýleki gollaryny Begenç Orazmuhammedow, Yslam Annamyradow, Nurtagan Saryýew we Berdiguly Allaberdiýew dagylar geçirdi.

Bu netije bilen "Ahalyň" ýaşlar düzümi ýaryş tertibinde ikinji orna göterildi. "Merwiň" ýaşlary bolsa ýedinji basgançakda galdylar.

Bu duşuşykdaky hasabyň şu möwsümde heniz Ýokary ligada hem gabat gelmändigini aýtmak gerek.

“Ahal II” – “Merw II” – 10:2

Gollar: 15 Begenç Orazmuhammedow, 17 Yslam Annamyradow, 29 Nurtagan Saryýew, 32, 35 Begenç Mämiýew, 37, 86 Medetgeldi Çaryýew, 61, 90 Annamyrat Meredow, 68 Berdiguly Allaberdiýew – 26 Ioann Solodownikow, 58 Parahat Orazmuhammedow.

 Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Nebitçi II» 5 4 0 1 10-3 12
2. «Ahal II» 5 3 0 2 14-7 9
3. «Altyn Asyr II» 4 2 1 1 3-3 7
4. «Arkadag II» 2 2 0 0 10-1 6
5. «Aşgabat II» 5 1 3 1 7-7 6
6. «Köpetdag II» 4 1 1 2 4-5 4
7. «Merw II» 6 0 3 3 9-17 3
8. «Şagadam II» 5 0 2 3 4-14 2