Liga Portugal. Pawlidis het-trik edip, "Benfikanyň" taryhyna girdi

7-nji aprelde Portugaliýanyň Primeýra ligasynda 28-nji tapgyryň merkezi duşuşygy geçirildi. Duşuşyk "Dragao" stadionynda ýerli «Portu» bilen Lissabonyň «Benfika» klublarynyň arasynda boldy.

Bu duşuşykda myhmanlar — «Benfika» özleriniň esasy garşydaşlarynyň biri bolan «Portuny» 4:1 hasaby bilen ýeňmegi başardy. Bu ýeňiş diňe bir utuk babatda möhüm bolman, eýsem taryhy ähmiýete hem eýe boldy.

Duşuşygyň baş gahrymany 26 ýaşyndaky grek hüjümçi — Wangelis Pawlidis boldy. Ol duşuşykda het-trik geçirip, «Benfikanyň» taryhynda ilkinji bolup «Portunyň» meýdançasynda üç gol geçiren futbolçy boldy.

«Benfikanyň» düzüminde ýene bir goly argentinaly goragçy — Nikolas Otamendi geçirip, ýeňşiň düýpli bolmagyna goşant goşdy. «Portu» bolsa diňe bir jogap goluny — Samu Agehowanyň geçiren topy bilen gazanyp bildi.

Pawlidis häzirki möwsümde ajaýyp çykyş edýär. Ol 2025-nji ýylda geçiren 22 duşuşygynda eýýäm 17 gol bilen tapawutlandy.

Bu ýeňişden soň «Benfika» 68 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda 65 utuk bilen «Sporting» barýar. «Portu» we «Braga» bolsa deň, 56 utuk bilen üçünji we dördünji orunda ýerleşýärler.

Lissabon kluby üçin bu ýeňiş diňe bir utuk däl, eýsem psihologiki taýdan hem uly ähmiýete eýe. Wangelis Pawlidis bolsa möwsümiň iň güýçli hüjümçileriniň biri hökmünde öz ornuny has-da berkidýär.