FIFA-nyň instruktorlary Aşgabatda okuw sapagyny geçirýärler

“Aşgabat” köpugurly stadionynda Futbol Assosiasiýalaryň Halkara Federasiýasy (FIFA) bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) bilelikde guramagynda futbol eminleriniň gatnaşmagynda okuw-maslahatyna badalga berildi.  24-28-nji mart aralygynda dowam etjek okuw-maslahatynyň ilkinji güni eminler beden taýýarlygy boýunça synaglary tabşyrdylar. Synaglary üstünlikli geçen hünärmenler günüň ikinji ýarymynda geçirilen okuw-maslahatyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.  Bu barada TFF-niň metbugat gullugy habar berýär.

Milli futbol çempionatymyzda, Kubok bäsleşiginde, umuman, TFF-niň guramagyndaky bäsleşiklerde eminlik edýän eminleriň 40-dan gowragynyň gatnaşmagynda geçirilýän okuw-maslahatynyň dowamynda diňleýjiler nazaryýetdir tejribe sapaklaryna gatnaşyp, FIFA tarapyndan futbol oýnunyň düzgünlerine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada giňişleýin düşündirişler alarlar. Okuw-maslahatynyň instruktorlary hökmünde malaýziýaly FIFA-nyň instruktorlary Mohamad Rodzali Bin Ýacob we Ahmad Halidi Bin Supian çykyş ederler. Olara bu ugurda TFF-niň instruktorlary Azat Hajypolatow, Ahmet Begnazarow hem-de Çarymyrat Gurbanow ýardam bererler. 

 Geçirilýän maslahatynyň ýerli eminleriň professionallyk derejelerini ýokarlandyrmaga gowy mümkinçilik berjekdigini aýratyn bellemek gerek.