
Hytaý Taýpeýi ― Türkmenistan duşuşygyny katarly eminler alyp barar
Aziýanyň kubogy ― 2027-nji üçünji saýlama böleginiň 1-nji tapgyrynyň çägindäki Hytaý Taýpeýi ― Türkmenistan duşuşygynda katarly eminler işlär. Duşuşygyň baş emini Abdul Hadi Al-Ruwaýli bolar.
Oňa watandaşlary Haled Aýad Halaf bilen Juma Mohammed Al Burşaid ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Baraa Aişa bolar.
Duşuşyk 25-nji mart güni Gaosýun şäherinde geçiriler. Onuň Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da başlanmagyna garaşylýar.