
Gari Uaýt: «Türkmen futbolçylary çakgan hüjümde we fiziki taýdan güýçli»
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2027-niň üçünji saýlama tapgyrynyň çäginde ertir Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen duşuşar. Gaosýung şäherindäki Milli stadionda geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýygyndynyň tälimçileri we oýunçylary metbugat ýygnanyşygyny geçirdiler.
Hytaý Taýpeýiniň Futbol assosiasiýasynyň resmi web saýtynyň habar bermegine görä, ýerli ýygyndynyň baş tälimçisi Gari Uaýt şu gün geçirilen metbugat ýygnanyşygynda özleriniň ýer eýesi hökmündäki artykmaçlygyny goramaga çalyşjakdyklaryny aýtdy. Milli ýygyndy saýlama tapgyra ýeňiş bilen girişmek isleýär. Kapitan Çen Boliang bolsa futbolçylaryň türgenleşikleri ýokary derejede geçirendigini aýdyp, güýçli oýun bilen ýeňiş gazanmak isleýändiklrini nygtady.
Baş tälimçi metbugat ýygnanyşygynda türkmen ýygyndysynyň oýnuna ýokary baha berdi. Onuň aýtmagyna görä, türkmen ýygyndysy çakgan hüjümlerde we fiziki taýdan üstün. Iki ýygyndynyň ozalky bäş duşuşygynyň ählisinde Hytaý Taýpeýi güýçli garşydaşdan asgyn geldi. Şonuň üçin hem bu gezek ýalňyşsyz oýun hökmanydyr ― diýip, baş tälimçi aýtdy.
Bu babatda Hytaý Taýpeýiniň metbugat gullugy baş tälimçiniň netijeli işleri durmuşa geçirendigini ýazýar. Ol geçen ýyşda Hytaýyň çempionatynda çykyş edýän taýpeýli oýunçylary synlamak üçin birnäçe gezek saparda boldy. Oýunçylary hut öz gözi bilen seljerip, olaryň iň ukyplylaryny milli ýygynda çagyrdy.
Hytaý Taýpeýi ― Türkmenistan duşuşygy ertir ― 25-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da başlanar.