
Dzýuba Russiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy
Hüjümçi Artýom Dzýuba, girizilen gollaryň sany boýunça Russiýanyň milli futbol toparynyň rekordçysy boldy.
Dzýuba, Russiýanyň milli ýygyndysynyň, Grenada (5:0) milli ýygyndy toparyna garşy oýnunda bir gol geçirdi. Dzýuba 43-nji minutda Alekseý Batrakowyň beren pasyny tora girizdi.
Bu gol Dzýubanyň milli ýygyndyda 31-nji goly boldy. Bu görkezijä görä, ol 30 gol geçiren Aleksandr Keržakowdan öňe geçdi.
Şeýle hem, Dzýuba Russiýanyň milli futbol ýygyndysynda gol geçiren iň iň ýaşy uly oýunçysy boldy. Ol bu goly 36 ýaş, 6 aý, 25 gün dolanda tora girizdi. Ondan öň, Russiýanyň milli ýygyndysynda gol geçiren iň ýaşy uly oýunçy Sergeý Ignaşewiç bolupdy. Öňki goragçy, 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda 36 ýaş, 2 aý 25 gün dolanda Moldowanyň (2:1) milli ýygyndysyna garşy Ýewropa çempionatynyň saýlama oýnunda gol geçirdi.
Dzýuba 36 ýaşynda. Ol 236 gol bilen rus futbolynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy. Bu oýunçy häzirki wagtda «Akron» klubynda oýnaýar. «Zenitiň» agzasy hökmünde hüjümçi Russiýanyň dört gezek çempiony, Russiýanyň kubogynyň iki gezek ýeňijisi we ýurduň Super kubogynyň dört gezek ýeňijisi boldy. Futbolçy karýerasynda «Spartak», «Lokomotiw», «Tom», «Rostow», «Arsenal Tula» we Türkiýäniň «Adana Demirspor» klublarynyň düzüminde hem oýnady.