Premier League. Eriksen şertnamasynyň ahyrynda "Ýunaýtedden" gitjekdigini aýtdy

«Mançester Ýunaýtediň» ýarymgoragçysy Kristian Eriksen, möwsüm gutarandan soň iňlis klubyndan çykjakdygyny, ýöne Daniýanyň çempionatyna gaýdyp barmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy.

33 ýaşly daniýalynyň iňlis kluby bilen şertnamasy geljek tomusda gutarýar.

— Men daşary ýurtda geçirmek üçin birnäçe gowy ýyllarymyň bardygyny duýýaryn. Eger men Daniýa göçüp barsam, hakykatdanam maşgala hakda pikir edip, karýeramy gutarjak ýaly bolaryn, bu adaty zat, ýöne entek beýle pikir etmeýärin.

Täze şertnama? Men hiç zat eşitmedim. Eger hiç zat eşitmeseň, hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini çaklaýaryn. Ine, men nähili düşünýärin: şertnamanyň möhletiniň gutarýandygyny hemmeler bilýär, şonuň üçin diňe bir çykalga bar diýip pikir edýärin. — diýip, "TV2" Erikseniň sözlerini getirýär.

Ýarymgoragçy 2022-nji ýylyň tomsundan bäri «Mançester Ýunaýtedde» oýnaýar. Bu möwsüm klubyň 27 oýnuna gatnaşyp, 4 gol geçirip, 4 asist berdi.