Hawi indiki tomus tälimçilige gaýdyp gelmäge taýýardygyny aýtdy

«Barselonanyň» öňki baş tälimçisi Hawi iýun aýynda milli ýygyndy toparlaryň we klublaryň tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Hawi geçen möwsümiň ahyrynda "gök-gyzyllaryň" baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Ondan öň Kataryň «Al-Sadd» klubyna ýolbaşçylyk edipdi.

— Karýeramy gutaranymdan soň, meniň hatda bir ýyl dynç alyşym hem bolmady. Men oýnamagy tamamladym, ertesi gün oýandym we eýýäm tälimçi boldum. Geljek üçin meýilnamalar barada aýdylanda bolsa, biz iýun aýyndan futbol bazarynyň bize nämäniň taýýarlaýandygyny göreris. Men kubok gazanmak we bäsdeşlik etmek isleýärin: tälimçi hökmünde Çempionlar ligasyny, Ýewropa çempionatyny we Dünýä çempionatyny gazanmaga synanyşaryn. — diýip, hünärmen beýanat berdi.

Şeýle hem, ispaniýaly hünärmen hem kluba, hem milli ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Hawi oýunçy hökmünde «Barselona» bilen dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy we sekiz gezek Ispaniýa çempionatynda ýeňiji boldy.