Ýewropa liganyň dört gezek ýeňijisi Gameýro, karýerasyny tamamlady

37 ýaşly hüjümçi Kewin Gameýro professional futbolçy karýerasyny soňlamak kararyna geldi. Ol bu karary şahsy sosial ulgamynda yglan etdi.

Kewin «Strasburgyň» akademiýasynyň uçurymy. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy, 2021-nji ýylda erkin agent hökmünde «Strasburga» gaýdyp gelenden soň, kluby terk edip, soňky alty aýdan gowrak klubsyz galdy. Seýle hem, hüjümçi karýerasynda «Lorýan», «PSŽ», «Sewilýa», «Atletiko Madrid» we «Walensiýa» klublaryň düzüminde oýnady.

Gameýro, Fransiýanyň milli ýygyndysynda 13 gezek çykyş edip, üç gol geçirdi. "Transfermarkt" portalynyň habaryna görä, oýunçynyň karýerasynda iň ýokary bahasy 25 million ýewro boldy. Hüjümçi Ýewropa ligasynda dört gezek çempion, «PSŽ» bilen Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi we Ispaniýanyň kubogynyň eýesi boldy.