La Liga. "Barselona" Iňigo Martinez bilen şertnamasyny uzaltdy

«Barselona» merkezi goragçysy Iňigo Martineziň şertnamasyny resmi taýdan uzaltdy.

33 ýaşly ispan goragçy 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli güýje girjek täze şertnama gol çekdi. Martinez 2023-nji ýylyň tomsunda «Barselona» goşuldy. Ýylyň başyndan bäri şikes zerarly bir aý sypdyrdy we indi kem-kemden hatara gaýdyp gelýär, käwagt dynç alýar.

Bu möwsümde Iňigo 33 oýun oýnap, 3 gol geçirip, 4 asist berdi. Umumy «Barselonada» 58 oýun oýnap şu möwsümden netije görkezip başlady. Onuň oýna goşan goşandy, oýnan oýunlary 60% bolan ýagdaýynda bir ýyl uzaltmak maddanyň bardygyna garamazdan, şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagyna sebäp boldy. "Transfermarkt" portaly oňa 5 million ýewro baha berýär.