TÝB - 2025: "Nebitçi" üçünji duşuşygynda-da ýeňiş gazandy

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Nebitçi” toparynyň ýaşlar düzümi öz meýdanynda geçirilen duşuşykda “Şagadam II” toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň 9 utuk toplan Balkanabadyň topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 

“Köpetdag II” topary bilen duşuşan “Ahal II” topary hem ýeňiş gazandy. Döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Ahalyň” ýaş futbolçylary garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. “Aşgabat II” bilen “Merw II” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda deňlik hasaba alyndy – 1:1. 

Bu tapgyryň çägindäki “Altyn Asyr II” bilen “Arkadag II” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň geçirilmeli senesi soňa süýşürildi. 

 

3-nji tapgyryň duşuşyklary:

 “Ahal II” – “Köpetdag II” – 2:1

Gollar: 28 Kerwen Nasyrow, 50 Gurbangeldi Garajaýew (“Ahal II”) – 72 Jumamyrat Jumaýew (“Köpetdag II”)

Duýduryş: 90+3 Orazgeldi Seýidow (“Köpetdag II”) 

Meýdandan çykarylanlar: 87 Maksat Ilmyradow (“Ahal II”) – 87 Nikita Kirilenko (“Köpetdag II”)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi) 

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Arkadag ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Ýusupow (Mary ş.), H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Jumaýew (Mary ş.)

 

 “Nebitçi II” – “Şagadam II” – 2:0

Gollar: 68 Serdar Şyhyýew, 88 Elýas Agöýliýew (“Nebitçi II”)

Duýduryşlar: 37 Elýas Agöýliýew, 45 Elýas Akyýew, 86 Serdar Şyhyýew (“Nebitçi II”) – 86 Annageldi Batyrow, 86 Nurjan Japarow (“Şagadam II”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

 

 “Aşgabat II” – “Merw II” – 1:1

Gollar: 8 Mergen Nurlyýew (“Aşgabat II”) – 81 Nowruz Baýrammämedow (“Merw II”)

Duýduryşlar: 45 Medet Hojamuhammedow, 54 Yhlas Hojamuhammedow, 66 Wepamyrat Berkeliýew, 86 Kerimberdi Orazmuhammedow (“Aşgabat II”) – 40 Reşit Söhbetow, 78 Kamran Bagirow (“Merw II”)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: P.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Nebitçi II» 3 3 0 0 7-1 9
2. «Aşgabat II» 3 0 3 0 4-4 3
3. «Merw II» 3 0 3 0 4-4 3
4. «Ahal II» 2 1 0 1 3-4 3
5. «Şagadam II» 3 0 2 1 4-6 2
6. «Köpetdag II» 2 0 1 1 2-3 1
7. «Altyn Asyr II» 2 0 1 1 1-3 1
8. «Arkadag II» 0 0 0 0 0-0 0