
Bundesliga. "Bawariýa" Kimmihiň şertnamasyny 2029-njy ýyla çenli uzaldýar
«Bawariýa» ýarymgoragçysy Joşua Kimmih bilen şertnamany 2029-njy ýyla çenli uzaltdy.
Kimmih 2015-nji ýylyň iýul aýynda «Ştutgartdan» Mýunheniň klubyna goşuldy. Mýunheniň kluby bilen öňki şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendi.
Kimmih bu möwsümde «Bawariýanyň» düzüminde 39 oýun oýnady, 1 gol geçirdi we 9 asist berdi.
Futbolçy «Bawariýanyň» agzasy hökmünde sekiz gezek Germaniýanyň çempionatynda, üç gezek Milli kubokda, alty gezek Germaniýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy. Şeýle hem, Çempionlar ligasynyň, UEFA Super kubogynyň we klublar Dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.