
"Arkadag" futbol topary yklym ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy
"Arkadag" futbol topary taryhynda ilkinji gezek gatnaşýan halkara ýaryşynda - AFK-nyň Çagyryş ligasynda adyny ýarym finala ýazdyrmagy başardy. Topar mundan bir hepde ozal Hindistanda oýnalan duşuşygyň şu günki jogap oýnunda "Ist-Bengaly" 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, iki duşuşygyň umumy netijesi 3:1 boldy.
Jogap duşuşygy şu gün "Arkadag" stadionynda geçirildi. Bu duşuşyk 2023-nji ýylyň tomsunda şäheriň birinji tapgyry bilen bilelikde açylan stadionyň iki ýyla golaý taryhynyň dowamynda kabul eden ilkinji halkara derejeli duşuşygy boldy.
Stadiona futbol janköýerleriniň 10 müňüsini jemlän duşuşygyň 1-nji minutynda myhman topar Messiniň geçiren goly bilen 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Hatda, duşuşygyň birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy. Ýöne ikinji ýarymda garşydaşyny has gysan ýer eýeleri ýiti hüjümleriň miwesini hem gördi. Ikinji ýarymyň ahyrynda, has takygy, 89-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňledi. 90+8-nji minutda bolsa ol toparynyň ýeňiş goluny geçirdi.
"Arkadag" toparynyň ýarym finaldaky garşydaşy şu gün Omanda geçiriljek "Al-Sib" - "Al-Kuweýt" duşuşygyndan soň belli bolar. Bu jübütleriň arasyndaky ilkinji duşuşykda "Al-Kuweýt" 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Eger topar bu üstünligini jogap duşuşygynda hem gorap bilse, toparçadaky duşuşygyň jogap duşusyklary bolar. "Al-Kuweýt" henize çenli "Arkadag" toparyny ýeňip bilen ýeke-täk topardyr.