-min.jpg)
«Arkadag» ― «Ist Bengal» duşuşygyny liwanly eminler alyp barar
AFK-nyň Çagyryş Ligasynyň 1/4 finalynyň türkmen kluby «Arkadag» bilen hindi kluby «East Bengalyň» arasyndaky jogap duşuşyga Liwandan gelen eminler topary bellenildi.
Baş emin – Şeýh Ahmet Alaeddin.
Eminler toparynyň düzümine şeýle hem şu eminler girýär: kömekçi eminler – Samer Badr we Ali Berri, ätiýaçlyk emin – Muat Owfi Eman (Palestina), duşuşygyň komissary bolsa Dawlatmand Yslomow (Täjigistan).
Duşuşyk şu gün«Arkadag» stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen 15:30-da başlanar.
Duşuşyk YouTube arkaly göni ýaýlymda görkeziler diýip garaşylýar.
Meýdana «Arkadag» ak egin-eşikde çykar, «East Bengal» bolsa gyzyl lybasda oýnar. Geçen hepde Kalkuttada geçirilen ilkinji duşuşykda «Arkadag» 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.