JH: Möwsümiň ilkinji het-trigi ― 2-nji tapgyrda

«Merwiň» futbolçysy Abdyresul Abdyýew Ýokary liganyň şu möwsüminde bir duşuşykda üç gezek tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy. Ol düýn Ýokary liganyň 2-nji tapgyrynyň çäginde «Köpetdagyň» derwezesinden üç gol geçirdi.

Bu oýun futbolçynyň Ýokary ligadaky karýerasynda ilkinji het-trigidir. Ol bu netije bilen möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda birinji orna geçdi.

Şu ýylky het-trigiň geçen möwsümdäkiden has ir gelendigini hem aýtmak gerek. Geçen ýyl ilkinji het-trik 6-njy tapgyrda «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew tarapyndan amala aşyrylypdy.