Pol Pogba çetleşdirilmeden boşadyldy

Fransuz futbolçysy Pol Pogba wagtlaýyn gadaganlygyny ýerine ýetirdi we 11-nji martdan resmi oýunlara gatnaşyp biler. Ol häzirki wagtda erkin agent hökmünde özüne täze klub gözleýär. 

2023-nji ýylda Pogbanyň doping synagynyň testosteron üçin oňyn bolandygy belli boldy. Soňra "B" nusgasy açyldy we ol hem şol bir netije berdi. 2024-nji ýylyň fewral aýynda Pogba dört ýyl futbol oýnamakdan çetleşdirildi. Oktýabr aýynda Sport Arbitraž Kazyýetiniň (CAS) topary Pogbanyň şikaýatyny bölekleýin goldady, futboldan çetleşdirilme 18 aýa çenli azaldyldy we jerime ýatyryldy. Çetleşdirilmäniň döwri 2023-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan hasaplandy.

31 ýaşly Pogbanyň soňky kluby «Ýuwentus» bolup, 2024-nji ýylyň dekabrynda şertnamasyny ýatyrdy. Karýerasynda ýarymgoragçy «Mançester Ýunaýtedde» hem oýnady.

«Ýuwentusda» futbolçy dört gezek Italiýanyň çempionatynda, üç gezek ýurduň Super kubogynda we iki gezek kubogynda ýeňiji boldy. Şeýle hem, «Mançester Ýunaýted» bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi we Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolmagy başardy.