Neýmar bir ýarym ýyldan soň, Braziliýanyň milli ýygyndysyna çagyryldy
Penşenbe güni Braziliýa milli ýygyndysynyň mart aýyndaky ýygnanyşyk üçin jemleýji düzümi yglan edildi.
Şol düzüme bir ýarym ýyldan soň ýyldyz hüjümçi Neýmar çagyryldy. Ol soňky gezek milli ýygynda 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda çagyrylypdy. Bilşiňiz ýaly, Neýmar dyzyndan agyr şikes alandygy sebäpli, uzak wagtlap meýdançadan daşlaşypdy.
Mart aýynda Braziliýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin iki oýun oýnar. Olaryň garşydaşlary Kolumbiýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary bolar.


.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


