www.jankoyer.com.tm

AFC Cup: «Rawşan» – «Merw» – 0:0

 

21.09.2023ý.

AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynyň «E» toparçasyndaky birinji tapgyryň oýny – «Rawşan» (Täjigistan) – «Merw» (Türkmenstan) duşuşygy Täjigistanyň «Futbol», «Varzish» teleýaýlymlary göni efirde görkezýär. Bu barada teleýaýlymlaryň resmi saýtlarynda habar beripdi.

«Rawşan» – «Merw» oýnunyň alyp görkezilişi 21-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 18:50-de başlandy. Duşuşyk bolsa sagat 19:00-da başlady.

Türkmenistanly futbol janköýerlerine «Futbol», «Varzish» teleýaýlymlary IPTV ulgamy arkaly elýeterlidir. Duşuşygy onlaýn görnüşinde şeýle hem «Janköýeriň» «Media» bölüminiň «Online TV» sahypasyndaky «Варзиш» (Live TV) ýaýlymyndan görkezildi.

Maglumat üçin, şu gün – 21-nji sentýabrda AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynda toparçalaýyn tapgyra badalga berler. Yklymyň klublarynyň arasyndaky ikinji derejeli ýaryşda «Altyn asyr» hem-de «Merw» Türkmenistana wekilçilik eder.

Ýaryşyň «E» toparçasyndan orun alan türkmen toparlarynyň garşydaşlary Täjigistanyň «Rawşan» hem-de Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparlary bolarlar.


AFK Kubogy 2023/24

Merkezi zolak. «E» toparça. 1-nji tapgyr

21-nji sentýabr (penşenbe)

«Rawşan» – «Merw» – 0:0


«Merw» futbol klubynyň başlangyç düzümi:


[30] - Merdan Saparow (d.) (k.)

[2] - Şazada Bäşimow

[4] - Ambýar Mahmudow

[6] - Azat Orazmuhammedow (75' [12] - Döwlet Döwletmyradow)

[9] - Maksat Atagarryýew

[10] - Kemal Annamuhammedow (90'+1 [19] - Amangeldi Saparow)

[13] - Igor Sekow (65' [3] - Şöhrat Owmadow)

[14] - Daýanç Durdyýew

[17] - Musa Nurnazarow

[77] - Toýly Goçnazarow (46' [8] - Ýagşysähet Döwletgeldiýew)

[90] - Murat Ýakşiýew (75' [21] - Myrat Öwezmyradow)


Duýduryşlar:

37' - [9] Maksat Atagarryýew («Merw»)

53' – [90] - Murat Ýakşiýew («Merw»)

70' – [8] - Ýagşysähet Döwletgeldiýew («Merw»)

90'+3 – [14] - Daýanç Durdyýew («Merw»)


Ätiýaçdakylar:


[1] - Anton Maksimow (d.)

[5] - Rejep Rejepow

[7] - Rustam Matrizaýew 

[11] - Mukam Nazzyýew

[16] - Nurgeldi Astanow (d.)

[18] - Babanyýaz Çaryýew

[20] - Begenç Pälwanow


Baş tälimçi: Witaliý Alikperow


Duşuşygynyň iň gowy oýunçysy: Musa Nurnazarow («Merw»)

Geçirilen ýeri: Gissar şäheriniň merkezi stadiony (Gissar ş., Täjigistan Respublikasy), 6750 tomaşaçy.

Başlanan wagty: 19:00 (Aşgabat wagty bilen)

Duşuşygyň emini: Abdulla Jamali (Kuweýt)


"A" toparçanyň ugurdaş duşuşygynda Täjigistanyň "Abdyş-Ata" topary öz stadionynda Türkmenistanyň "Altyn Asyr" toparyny 3:0 hasabynda urmagy başardy.

Toparçada 2-nji tapgyryň duşuşyklary 5-nji oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Şol gün türkmen toparlarymyz ýagny, "Merw" Gyrgyzystanyň "Abdyş-Ata" (17:00-da), "Altyn Asyr" bolsa Täjigistanyň "Rawşan" toparlaryny (21:00-da) Aşgabat şäherinde kabul ederler.

«Altyn Asyr» we «Merw» futbol toparlaryñ AFK-nyň Kubogy 2023-24 möwsümindäki senenamasy: 

1-nji tapgyr: 21-nji sentýabr 2023-nji ýyl

«Rawşan» (Täjigistan) – «Merw» (TÜRKMENISTAN) – 0:0

«Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – 3:0

 

2-nji tapgyr: 5-nji oktýabr 2023-nji ýyl

«Merw» (TÜRKMENISTAN) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy)  

«Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – «Rawşan» (Täjigistan) 

 

3-nji tapgyr: 26-njy oktýabr 2023-nji ýyl

«Merw» (TÜRKMENISTAN) – «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) 

«Rawşan» (Täjigistan) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) 

 

4-nji tapgyr: 9-njy noýabr 2023-nji ýyl

«Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – «Merw» (TÜRKMENISTAN) 

«Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – «Rawşan» (Täjigistan) 

 

5-nji tapgyr: 30-njy noýabr 2023-nji ýyl

«Merw» (TÜRKMENISTAN) – «Rawşan» (Täjigistan)  

 «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) 

 

6-njy tapgyr: 14-nji dekabr 2023-nji ýyl

«Rawşan» (Täjigistan) – «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) 

«Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – «Merw» (TÜRKMENISTAN)