Surat: "Uzgen" futbol kluby

Mihail Titow "Uzgeniň" türgenleşiklerine goşuldy

Türkmenistanly hüjümçi Mihail Titow Gyrgyzystanyň "Uzgen" futbol toparynyň türgenleşiklerine goşuldy. Futbolçy ýakynda bu topar bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy.

Mihail Titow mundan öň diňe türkmen toparlarynda futbol oýnapdy. "Uzgen" onuň üçin daşary ýurtdaky ilkinji tejribe bolar.

Ýeri gelende aýtsak, Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda indi ençeme ýyldan bäri her möwsümde azyndan bir sany türkmenistanly futbolçy çykyş edýär. Şu ýyl "Uzgende" Mihail Titowdan başga tälimçi Maksim Belyh hem bar.

"Uzgen" Gyrgyzystanyň Premýer ligasyndaky ilkinji duşuşygyny ertir "Bişkek Siti" bilen geçirer.