
"Nebitçi" futbol toparyna täze baş tälimçi bellenildi
56 ýaşly futbol hünärmeni Aleksandr Klimenko Balkanabadyň «Nebitçi» futbol toparynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi. Tejribeli hünärmen Hojaahmet Arazowyň ornuna geldi.
Aleksandr Klimenkonyň toparda ozal hem işländigini nygtamak gerek. «Nebitçi» onuň ýolbaşçylygynda milli Kuboklaryň birnäçesine mynasyp boldy.
Täze möwsüme täze we has güýçli düzüm bilen çykmagy meýilleşdirýär topar güýçli oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy. Olaryň arasynda Merdan Paltaýew («Şagadamdan»)
Amangeldi Saparow («Merwden»)
Myrat Aşyrow (soňky topary «Energetik»)
Toýly Batyrow («Ahaldan»)
Myrat Amantaganow («Köpetdagdan»)
Begmyrat Arbatow («Şagadamdan»)
we Hydyr Ýakubow («Şagadamdan») ýaly futbolçylar bar.