Ronaldu rekordyny artdyrmagy dowam edýär
Kriştianu Ronaldu 39 ýaşyna garamazdan ajaýyp netijeleri görkezýär. Sişenbe güni Saud Arabystanyň çempionatynyň «Al-Halije» garşy oýnunda, portugaliýaly ýyldyz ikinji ýarymda iki gezek tapawutlanyp, goşa gol geçirdi.
Netijede, Ronaldu karýerasynda milli ýygyndy we klub derejesinde 919 gol geçirdi we gollaryň sany boýunça özüniň dünýä rekordyny täzeledi. Şeýle hem, hüjümçi «Al-Nasrda» 98 oýunda 83 gol geçirip, 18 asist berdi.
Kriştianu Ronaldu 1000 gol belligine ilkinji bolup ýetmek isleýär. Munuň üçin hüjümçi ýene 81 gol geçirmeli.
Ýatlatsak, Ronaldunyň «Al-Nasr» bilen häzirki şertnamasy 2024/2025 möwsüminiň ahyryna çenli dowam edýär.