Ançelotti şu tomus "Real Madridden" gitmek isleýär
«Real Madridiň» tälimçisi Karlo Ançelotti, möwsümiň ahyrynda klubyny terk etmegi meýilleşdirýär diýip, "Onda Cero" radiostansiýasy habar berýär.
Ançelottiniň «Real Madrid» bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Italiýaly hünärmen klub bilen 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri işleýär.
Häzirki şertnama garamazdan, Ançelottiniň şu tomus kluby terk etmegi meýilleşdirýändigi bellendi. Hünärmen karýerasyny başga bir ýurtda dowam etdirmek isleýär, ýöne Braziliýada däl. Ozal metbugat Ançelottiniň Braziliýa milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip biljekdigini habar berýärdi.
Ançelottiniň ýolbaşçylygynda «Real Madrid» üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, üç gezek UEFA Super kubogyny aldy, iki gezek çempionlygy, Ispaniýanyň kubogyny we Super kubogyny gazandy, şeýle hem klublar Dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.