"Portu" bellenenden alty aý soň baş tälimçisini işinden aýyrdy

Portugaliýanyň «Portu» futbol kluby, Witor Brunonyň baş tälimçi wezipesinden çekilýändigini habar berdi. 42 ýaşly Bruno 2024-nji ýylyň tomsunda «Portu» ýolbaşçylyk edipdi, ondan öň alty ýyl Seržiu Konseýsaunyň kömekçisi bolup işledi.

Žoze Tawareş «Portunyň» ýerine ýetiriji baş tälimçisi boldy.

Klub milli çempionatyň soňky iki oýnunda «Žil Wisente» (1:3) we «Nasional» (0:2) klublaryndan ýeňildi. Indi "aždarhalar" 18 tapgyrdan soň 40 utuk bilen üçünji ýerde durýar. «Benfika» bir utuk, «Sporting» bolsa dört utuk öňde.