"Mançester Siti" özbegistanly Husanowy 50 million ýewro satyn aldy
Özbegistan milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow, Fransiýanyň «Lans» klubyndan Angliýanyň «Mançester Siti» klubyna geçdi. 20 ýaşly goragçy bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Onuň transferi "şäherlilere" bonuslary hasaba almak bilen 50 million ýewro düşdi.
Husanow 2023-nji ýylyň tomsunda Belarusyň «Energetik-BGU» klubyndan 100 müň ýewro «Lansyň» düzümine goşuldy. Ol fransuz klubynda 31 oýun oýnady. Özbegistan milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa 18 oýny bar.
Husanow premýer-liganyň taryhynda özbegistanly ilkinji futbolçy boldy.