Ýokary liga ýene-de ilkinji 100-lükde

IIFHS 2024-nji ýylda-da Ýokary ligany dünýäniň iň güýçli 100 ligasynyň hatarynda görkezdi. Edil, 2023-nji ýylda bolşy ýaly, Türkmenistanyň çempionaty sanawyň 98-nji basgançagyndan orun aldy. Liga 152 utuk berildi.

Sanawyň başyny 1992 utuk bilen Italiýanyň çempionaty çekýär. Ikinji orundaky Ispaniýanyň çempionatynda 1885, üçünji orundaky Angliýanyň çempionatynda bolsa 1871 utuk bar. Şeýle hem sanawda ilkinji bäşlikde Braziliýany, Germaniýany, Argentinany, Portugaliýany, Fransiýany, Belgiýany we Niderlandlary görýäris.