Serdar Geldiýew: «Okuw-maslahaty eminlerimiziň halkara çykyşlaryna hem täsirini ýetirer»

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Serdar Geldiýew «Aşgabat» köpugurly stadionynda eminler bilen geçirilen okuw-maslahatynyň netijelerine ýokary baha berdi.

Ol stadionyň mejlisler zalynda geçirilen ýapylyş dabarasynda okuw-maslahatynyň türkmen eminleriniň milli ýaryşlarymyz bilen birlikde halkara ýaryşlaryndaky çykyşyna oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, ol gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi.

Okuw-maslahatyny 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda eminiň kömekçisi hökmünde birnäçe duşuşyga gatnaşan özbegistanly Jahangir Saidowyň alyp barandygyny ýatladýarys. Oňa Türkmenistanyň futbol çempionatynyň hem-de Kubok bäsleşiginiň nobatdaky möwsüminde eminlik etjek eminlerimiziň 40-dan gowragy gatnaşdy.