Messi Ýewropa gaýdyp biler
"Marca" gazetiniň habaryna görä, argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» bilen şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşdy, emma onuň şertnamasynda Ýewropa gaýdyp gelmek mümkinçiligi bar.
Messiniň «Maýami» bilen täze şertnamasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli dowam eder. Şertnamada Messiniň 2025-nji ýylyň ahyrynda MLS-de hiç hili oýun oýnalmaýan wagtynda Ýewropa klubyna gidip biljekdigi barada bir madda bolar. Munuň sebäbi Messiniň 2026-njy ýyldaky geçiriljek Dünýä çempionatyna taýynlanmak üçindigi diýip aýdylýar.
Messi soňky MLS möwsüminde 22 oýunda 21 gol geçirip, 11 asist berdi.