Çempinşibiň iň köp gol geçiren oýunçysy alty oýun çetleşdirildi

Angliýanyň futbol assosiasiýasynyň (FA) web sahypasynyň habaryna görä, «Norwiç» klubynyň ispaniýaly hüjümçisi Borha Sainz, «Sanderlende» garşy oýunda garşydaşyna tüýkürendigi üçin çempionatyň alty oýny üçin wagtlaýyn çetleşdirildi. 

Oýun 21-nji dekabrda geçirildi, «Norwiç» Angliýanyň ikinji ligasynyň (Çempionşip) 22-nji tapgyrynyň myhmançylykdaky oýnunda, 1:2 hasabynda «Sanderlendden» ýeňildi. Sainz 74-nji minutda ýer eýeleriniň oýunçylarynyň birine tüýkürdi, ýöne eminler bu pursada ähmiýet bermediler.

FA-nyň web sahypasynda bellenişi ýaly, Sainz alty oýun çetleşdirildi we 12000 funt sterling jerimesi salyndy. Futbolçy günäni boýun aldy.

Sainz 23 ýaşynda we 15 gol bilen bu möwsüm çempionatda iň köp gol geçirenleriň sanawynda birinji barýar.