Hüjümçi Isak we tälimçi Santu, dekabr aýynyň iň ökdeleri
Premýer-liganyň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Nýukaslyň» hüjümçisi Aleksandr Isak, dekabr aýynda Angliýanyň çempionatynyň iň ökde futbolçysy diýlip ykrar edildi. Geçen aý 25 ýaşly şwesiýaly hüjümçi premýer-ligada alty oýunda sekiz gol geçirip, iki asist berdi.
«Nottingem Forestiň» tälimçisi Nunu Eşpiritu Santu, dekabr aýynyň iň ökde tälimçisi diýlip saýlandy. Onuň ýolbaşçylygynda topar alty duşuşykda bäş ýeňiş gazandy. 20 tapgyrdan soň «Nottingem Forest» 40 utuk bilen premýer-ligada üçünji orunda barýar.