Gyrgyz çempionatynda ýene-de türkmenistanly tälimçi işlär
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Maksim Belyh Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň wekili «Ozgon» toparynyň tälimçiler düzümine goşuldy. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.
«Ozgonyň» tälimçiler düzümine fiziki taýýarlyk boýunça hünärmen Maksim Belyh goşuldy. Biziň toparymyza gelýänçä, ol Türkmenistanyň «Ahal», Özbegistanyň «Kyzymkum», Gyrgyzystanyň «Kaganat» toparlarynda we Türkmenistanyň milli ýygyndysynda işledi. Hünärmen AFK-nyň «B» derejeli ygtyýarnamasynyň hem eýesidir» diýlip, klub tarapyndan berlen habarnamada aýdylýar.
Maksim Belyh futbolçylyk ýyllarynda Türkmenistanyň HTTU, «Şagadam», «Ahal», «Nebitçi», Özbegistanyň «Pahtakor» we «Nawbahor» toparlarynda çykyş etdi.
Milli ýygynda ilkinji gezek 2008-nji ýylda çagyrylan Belyh 14 duşuşyga gatnaşdy.
Futbol ýoluny tamamlansoň, ol tälimçilik işine «Ahalyň» düzüminde gatnaşdy. Şeýle hem horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň çakylygy bilen, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzüminde hem işledi.