Kamil Mingazow: «Bäş legioneriň üçüsini Daşkente getirip bildik»

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Mingazow Aziýanyň kubogy ― 2025-iň ertir başlanjak saýlama duşuşyklarynyň öňýanynda geçirilen metbugat ýygnanyşygyna gatnaşdy.

Ýygnanyşykda žurnalistleriň sowallaryna jogap beren tälimçi ýaryşa gatnaşmaga görlen taýýarlyklar we düzüm barada şeýle diýdi:

― Meniň pikirimçe, Özbegistanyň ýygyndysy ― toparçamyzda iň güýçli düzüm. Galan dört ýygyndynyň mümkinçilikleri deň diýip hasaplaýaryn. Beýleki garşydaşlarymyz barada kän bir maglumatymyz ýok.

Düzümdäki gyzlarymyzyň aglabasy uly futbolda, ýakynda biz olary futzala alyp geldik.

Ýygyndymyzda 5 legioner bar Olaryň biri Litwada, ikisi Türkiýede oýnaýar. Biz Özbegistana olaryň diňe üçüsini getirip bildik.

Ýaryşyň guramaçylygy ýokary derejede. Duşuşyklaryň geçiriljek, türgenleşikler üçin berlen sport toplumlarynda hiç bir mesele ýok.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli ýygyndymyz ertir ― 11-nji ýanwarda ilkinji duşuşygyny Awstraliýanyň ýygyndysy bilen geçirer.