Aziýanyň kubogy ― 2027-niň geçiriljek wagty belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy şu ýyl we 2026-njy ýylda geçiriljek saýlama duşuşyklarda üstünlikli çykyş edip bilse, Aziýanyň kubogy ― 2027-de gyşda ýaryşar. Çünki AFK yklym ýaryşyny 2027-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan 5-nji fewralyna çenli aralykda Saud Arabystanynda geçiriler.

Yklym ýaryşynyň duşuşyklaryny ýurduň Er-Riýad, Jidda we El-Hubar şäherlerinde geçirmek meýilleşdirilýär. Has takygy, duşuşykda Er-Riýadda bäş, Jiddada iki stadionda geçiriler. El-Hubarda bolsa ýörite Aziýanyň kubogy ― 2027 üçin döwrebap stadion gurlar.

Yklym ýaryşyna 24 ýygyndy gatnaşar. Türkmen ýygyndysynyň gatnaşyp, gatnaşmajakdygy saýlama duşuşyklaryň netijelerine bagly.