www.jankoyer.com.tm
TÝL. Didar Durdyýew – möwsümiň iň netijeli futbolçysy
28.12.2024ý.
«Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Ýokary liga – 2024-iň iň netijeli futbolçysy boldy. Ol möwsümde jemi 31 gezek tapawutlandy.
Sanawda ikinji we üçünji orunlary hem Didaryň topardaşlary paýlaşýar.
Has takygy, ikinji orundaky Altymyrat Annadurdyýew 24, üçünji orundaky Begenç Akmämmedow bolsa 19 gezek tapawutlandy.
Doly 14-ligiň sanawyna aşakdaky futbolçylar girdiler:
1. 31 gol – Didar Durdyýew («Arkadag»);
2. 24 gol – Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»);
3. 19 gol – Begenç Akmämmedow («Arkadag»);
4-5. 15 gol ― Şanazar Tirkişow («Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal»);
6. 14 gol ― Arslan Saparow («Altyn Asyr»);
7. 12 gol ― Myrat Annaýew («Altyn Asyr»);
9. 11 gol ― Hydyrgeldi Atdžanow («Şagadam»);
9-10. 10 gol – Arslanmyrat Amanow («Arkadag»), Röwşengeldi Halmämmedow («Altyn Asyr»);

11. 9 gol ― Selim Nurmyradow («Altyn Asyr»);
12-13-14. 8 gol ― Akmämmet Metdäýew («Ahal»), Mekan Aşyrow («Şagadam»), Şamämmet Hydyrow («Arkadag»).
Ýokary liganyň tamamlanan möwsüminde jemi 113 futbolçy tapawutlandy.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


