
Globe Soccer. Dubaýda baýraklar gowşuryldy
28.12.2024ý.
27-nji dekabrda Dubaýda "Globe Soccer Awards" dabarasy geçirildi.
Dabaranyň netijeleri:
Iň ökde futbolçysy we iň ökde hüjümçisi: Winisius Junior (Real Madrid/Braziliýa)
Ýakyn Gündogaryň iň ökde futbolçysy we ähli döwrüň iň köp gol geçiren futbolçysy: Kriştianu Ronaldu (Al-Nasr/Portugaliýa)
Iň ökde ýaş futbolçy: Lamin Ýamal (Barselona/Ispaniýa)
Iň ökde tälimçi: Karlo Ançelotti (Real Madrid)
Iň ökde ýarymgoragçy we Maradona baýragy: Jud Bellingem (Real Madrid/Angliýa)
Iň ökde aýal futbolçysy: Aitana Bonmati (Barselona/Ispaniýa)
Iň ökde erkekler kluby: Real Madrid (Ispaniýa)
Iň ökde aýallar kluby: Barselona (Ispaniýa)
Ýakyn Gündogaryň iň ökde tälimçisi: Žorže Žesus (Al-Hilal)
Ýakyn Gündogaryň iň ökde kluby: Al Aýn (BAE)
Açylyş klub: Olimpiakos (Gresiýa)
Ähli döwrüň iň ökde prezidenti: Florentino Perez (Real Madrid)
Iň ökde agent: Žorže Mendeş (Portugaliýa)
Iň ökde sport direktor: Piero Ausilio (Italiýa/Inter)
Karýerasy üçin baýrak: Alessandro Del Piero, Rio Ferdinand, Tibo Kurtua we Neýmar.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!