
Ronaldinýo iň ökde futbolçylardan esasy düzümini düzdi
26.12.2024ý.
2002-nji ýylyň Dünýä çempiony Ronaldinýo, "Give Me Sport" portaly üçin Çempionlar ligasynyň bütin taryhynda iň ökde oýunçylaryndan bir esasy düzüm düzdi.
Braziliýanyň öňki milli ýygyndy oýunçysy Jianluiji Buffony iň ökde derwezeçisi diýip atlandyrdy. Goranyş hatara Kafu, Paolo Maldini, Jon Terri we Roberto Karlos girdi. Ýarymgoragçylardan Klod Makelele, Frenk Lempard we Kakany saýlady. Hüjüm hatarynda Lionel Messini, Tierri Anri we Ronaldo Nazario bar.
Ronaldinýo özüni düzüme goşmady, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Kriştianu Ronalduda ýok.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!