www.jankoyer.com.tm

TK. "Arkadag" FK – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

23.12.2024ý.

“Arkadag” topary Türkmenistanyň Kubogyny yzly-yzyna 2-nji gezek gazandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň özeni bolan hem-de ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bilen adybir «Arkadag» kluby futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginde yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiji boldy.

Şu gün – 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy geçirildi. Onda täze şäheriň adybir futbol topary «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahaly» bilen güýç synanyşdy.

31-nji gezek geçirilen futbol boýunça Türkmenistanyň Kubok ýaryşynyň final oýnunda Wladimir Baýramowyň topary «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň “Ahal” toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Begenç Akmämmedow (45') geçirdi. Duşuşyk Aşgabat şäherindäki 20 müň orunlyk «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirildi.

Şeýlelik-de,  “Arkadag” topary Türkmenistanyň Kubogyny 1-den köp ýa-da azyndan 2 gezek gazanan 8-nji topar hökmünde hasaba alyndy.

Ähmiýeti boýunça ikinji derejeli klub kubogyny dört gezek alan «Ahal» topary üçin bu eýýäm ýaryşlaryň taryhynda sekizinji, geçen ýylyň aprel aýynda döredilen «Arkadag» topary üçin bolsa ikinji finaldy.

Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy:

23.12.2024ý. (duşenbe)

“Arkadag” – “Ahal” – 1:0

[1:0] – 45' Begenç Akmämmedow 

Duýduryşlar:

33' – Magtymberdi Berenow (“Ahal”)

39' – Begenç Akmämmedow (“Arkadag”)

66' – Mekan Saparow (“Arkadag”)

83' – Azat Rahmanow (“Ahal”)

89' – Abdy Bäşimow (“Arkadag”)

Başlanan wagty: 15:00

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” köpugurly stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Iň köp “Köpetdag” eýeledi

1993-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda şu wagta çenli 15 klub finala çykyp, şolaryň 12-si azyndan 1 gezek ýeňiş gazandy. Kubogy iň köp “Köpetdag” topary eýeläp, paýtagtlylar 7 gezek kubogyň ýeňijisi boldy (1993, 1994, 1996/97, 1999, 2000, 2001, 2018). “Köpetdag” topary 4 saparam (1995, 2005, 2006, 2020) finalda asgyn geldi. “Altyn asyr toparynyň 7 finalda 5 ýeňşi bolup (2009, 2015, 2016, 2019, 2020 – 2010, 2013), olar bu babatda 2-nji orunda barýarlar. “Nebitçi” (2003, 2004, 2010, 2012) bilen “Ahal” (2013, 2014, 2017, 2022) toparlary kubok ýaryşynda möwsümi 4 gezek begençli tamamladylar. Olaryň ikisi 4 gezegem finalda ýeňildiler (1998, 1999, 2001, 2014 – 2019, 2021, 2023, 2024). “Arkadag” toparyndan öň “Şagadam” (2007, 2021) “Merw” (2005, 2008), “Ýedigen” (2006, 2011) toparlary 2 gezek kubogy gazanypdylar. “Şagadam” 4 (2002, 2015, 2017, 2022), “Merw” 3 (1993, 2007, 2009), “Ýedigen” bolsa 2 (2008, 2012) gezek finalda utulypdy. “Nisa” (1998), “Turan” (1995) hem-de “Garagum” (2002) toparlary-da kubogy 1 gezek eýelemegi başardy. “Nissa” finalda 3 (1996/97, 2000, 2003), “Turan” 1 (1994) gezek ýeňlişe sezewar boldy. Şeýle-de, “Aşgabat” topary 2 (2011, 2016), “Asudalyk” (2004) hem-de “Energetik” (2018) toparlary 1 gezek finala çykyp, garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Şu ýyl ilkinji gezek halkara ýaryşa gatnaşýan «Arkadag» toparynyň ýurtda geçirilýän bäsleşiklerdäki ýeňişli ýolunyň halkara giňişlikde hem dowam edýändigini bellemek gerek. Toparçalaýyn bäsleşigi merkezleşdirilen görnüşinde Kuweýtde geçirilen AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «B» toparçasynda çykyş eden topar Maldiw adalarynyň «Maziýa Sports», Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» hem-de ýerli «Al-Arabi» toparlary bilen geçirilen duşuşyklarda netijeli çykyş edip, çärýek finala çykmagy başardy. «Arkadag» toparynyň ýarym finala barýan ýoldaky garşydaşy Hindistanyň «Ist Bengal» topary bolar. Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyklaryň 2025-nji ýylyň 5-nji hem-de 12-nji martynda geçirilmegine garaşylýar.

Bellik: Habarda Zaman-Türkmenistan (zamanturkmenistan.com.tm) saýtyndan maglumat we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (www.tff.com.tm) saýtyndan surat ulanylandyr.

Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!