
FIFA Intercontinental Cup. “Real Madrid” ertir finalda “Paçuka” bilen duşuşar
17.12.2024ý.
Ertir ýagny 18-nji dekabrda, çarşenbe gününde Kataryň Lusail şäherinde FIFA Interkontinental Kubogynyň finaly oýnalar. 88 müň 966 orunlyk Lusail stadionynda oýnaljak finalda Çempionlar Ligasynyň çempiony “Real Madrid” (Ispaniýa) bilen KONKAKAF-yň çempiony “Paçuka” (Meksika) duşuşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlanar. Oýna wenesuelaly Hesus Walenzuela eminlik eder.
“Real Madrid” finala gönümel çykan bolsa “Paçuka” finala çenli 2 duşuşyk geçirdi. Meksikanyň wekili 2-nji tapgyrda Libertadores Kubogynyň çempiony “Botafogany” 3-0 ýeňipdi (Idrissi 50, Deossa 66, Rondon 80). Ondan soňky tapgyrda bolsa Müsüriň “Al Ahli” toparyny 0-0 gutaran oýundan soň penaltileriň netijesinde ýeňip, finala adyny ýazdyrdy.
Bu ýaryş 2005-2023-nji ýyllar aralygynda FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy ýaryşy ady bilen geçirildi. Oňa 6 yklymyň çempionlary bilen ýer eýesi topar gatnaşýardy we bir ýurtda guralýardy. Aslynda FIFA Interkontinental Kubogy ýaryşy 1960-njy ýylda bäri Çempionlar Ligasynyň (ozalky Ýewropa Çempion Klublaryň Kubogy) ýeňijisi bilen Libertadores Kubogynyň çempionynyň arasynda 2 oýun esasynda geçirilýärdi.
Bu gezekki ýaryşa-da 6 yklymyň çempiony gatnaşyp, ozalky formatdan üýtgeşiklikde klublar duşuşyklaryny dürli wagtlarda dürli ýerlerde geçirdiler. 1-nji tapgyrda sentýabrda BAE-niň wekili, AFK-nyň çempiony “Al Ain” Täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” toparyny 6-2 ýeňdi. Oktýabrda oýnalan duşuşykda bolsa “Al Ain” 2-nji tapgyrda Müsüriň “Al Ahli” toparyndan 3-0 ýeňildi. Dekabr aýynda oýnalan oýunlarda bolsa “Paçuka” “Botafogany” ýeňipdi. 3-nji tapgyrda “Paçuka” “Al Ahlini” ýaryşdan çykaryp, finala adyny ýazdyrdy.
Ýaryş geljek ýyl 32 toparyň gatnaşmagynda FIFA Klublar Dünýä Kubogy ady bilen ABŞ-da guralar. Bilşiňiz ýaly, FIFA Klublar Dünýä Kubogyny her 4 ýyldan 1 gezek guramaklyk göz öňünde tutulýar.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!