www.jankoyer.com.tm
TÝL. JH: 27-nji tapgyryň "Altyn Asyr" - "Arkadag" duşuşygyndan soň
11.12.2024ý.
8 ýyllyk rekord: Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Ýokary ligada soňky sekiz möwsümiň rekordyny täzeledi. Topar 2016-njy ýyldan bäri çempionatyň ahyrynda 90 utuga ýetip bilen ilkinji topar bolmagy başarypdy. Dokuz onlugy iň soňky gezek 2016-njy ýylyň futbol möwsüminde «Altyn Asyr» doldurypdy. Ýöne «aragatnaşykçylar» 95 utuklyk sepgide 36 oýunda ýetipdiler. Umuman, Ýokary ligada 90 utuklyk sepgide bary-ýogy bäş gezek ýetildi. 2003-nji ýylda «Nisa» bu sepgide ýetmegi başaran ilkinji topar boldy. Şol ýyl çempion bolan «Nisa» 36 duşuşykda 92 utuk toplap bilipdi. 90 utuklyk soňky üç üstünlik «Altyn Asyra» eýgertdi. Topar 2014-nji we 2015-nji ýyllarda 92, 2016-njy ýylda bolsa 95 utuk gazandy.
Çempion bu sanawda-da öňdäki hatarlarda: «Arkadag» futbol topary Ýokary liganyň tamamlanyp barýan möwsüminde garşydaş derwezelerden 147 gol geçirdi. Bu bolsa toparyň çempionatyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň sanawynda ikinji orna çykandygyny görkezýär. Çempionatyň taryhynda rekord görkeziji «Köpetdaga» degişlidir. Paýtagtyň ady rowaýata öwrülen topary 1992-nji ýylyň möwsümini 151 gol bilen jemläpdi. «Arkadag» toparyna bu üstünligi gaýtalamak üçin dört gol ýetmedi.
Ýeri gelende aýtsak, çempionatyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň sanawy aşakdaky ýaly:
1. «Köpetdag» – 1992-nji ýyl – 151 gol;
2. «Arkadag» – 2024-nji ýyl – 147 gol;
3. «Köpetdag» – 1995-nji ýyl – 116 gol;
4. «Altyn Asyr» – 2016-njy ýyl – 108 gol;
5. «Nisa» – 1995-nji ýyl – 106 gol;
6. «Köpetdag» – 1997/98-nji ýyllaryň möwsümi – 105 gol;
7. «Ahal» – 1992-nji ýyl – 103 gol;
8. «Nisa» – 2003-nji ýyl – 102 gol;
9. «Nebitçi» – 2003-nji ýyl – 100 gol;
10. «Nisa» – 2001-nji ýyl – 98 gol.
Çempion – ilkinji 20-likde: Ýokary ligada 54-nji duşuşygyny geçiren «Arkadag» topary çempionatda 1992-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän taryhda iň kän duşuşyk geçiren toparlaryň ilkinji 20-ligine girdi. Topar häzir 19 ― 21-nji orunlary TSHT we Türkmengalanyň «Kolhozçy» topary bilen paýlaşýar. 18- nji orundaky «Gara altyn» (Balkanabat) Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 56 duşuşyk geçiripdi.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


