www.jankoyer.com.tm

TÝB. 31-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

25.11.2024ý.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçylary ynamly ýeňiş gazandylar.

Şu gün, 25-nj noýabrda Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 31-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Köpetdag II” topary “Arkadag” toparynyň ýaşlar düzümini kabul etdi. “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşyk “Arkadag II” toparynyň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlandy – 1:6.

Paýtagtymyzda geçirilen ýene-de bir duşuşykda “Ahal II” Balkanabadyň “Nebitçi II” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Mary şäherinde geçirilen duşuşykda “Şagadam II” topary myhmançylykda “Merw II” toparynyň derwezesinden jogapsyz top geçirmegi başardy – 0:1.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar birinjiliginde wagtyndan öň ýaryş tertibiniň ilkinji üç basgançagyny eýelän topar hem mälim bolupdy.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde “Arkadag” toparynyň ýaşlar düzümi wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazanan bolsa, onda “Ahal II” bilen “Altyn Asyr II” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Tapgyrdaky «Aşgabat II» – «Altyn Asyr II» duşuşygy noýabr aýynyň 19-na geçirilip, myhmanlar 2:0 hasabynda ýeňiş gazandygyny ýatladýarys. 


Türkmenistanyň Ýaşlar Birinjiligi 2024

31-nji tapgyryň duşuşyklary: 

25.11.2024ý. (duşenbe)

 


“Köpetdag II” – “Arkadag II” – 1:6

[0:1] – 12' Enwer Annaýew 

[0:2] – 19' Didar Nasyrow

[0:3] – 22' Bagrat Gasanbekow 

[1:3] – 39' Umyt Kakabaýew 

[1:4] – 70' Enwer Annaýew 

[1:5] – 75' Orazmyrat Nepesow 

[1:6] – 80' Eduard Sarkisýan 

Bellik: 53' Ilýas Çaryýew ("Arkadag") penalti geçirip bilmedi.

Duýduryşlar: 

77' Ýewgeniý Powarožnýuk (“Köpetdag”)

58'  Magtymguly Papyýew (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: Hanmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: K.Sapaýew (Daşoguz ş.), S.Çaryýew (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)


“Ahal II” – “Nebitçi II” – 2:1

[1:0] – 49' Yslam Annamyradow 

[1:1] – 80' Agöýli Balkanow 

[2:1] – 90'+6 Gurbangeldi Garajaýew 

Duýduryşlar: 

90'+8 Toýly Batyrow (“Ahal”)

10' Muhammetaly Garajagulow

23' Hydyr Agöýliýew

55' Ylham Azadow (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, ätiýaçdaky meýdan (Aşgabat ş.)

Başlanan wagty: 15:00

Duşuşygyň emini: Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)


“Merw II” – “Şagadam II” – 0:1

[0:1] – 33' (p.) Gurbanguly Garaýew

Duýduryşlar: 

31' Begenç Pälwanow

56' Rejep Rejepow

56' Merdan Durdymuhammedow

57' Nurgeldi Astanow (“Merw”)

5' Ilham Rahimow

85' Arzuw Söýjanow (“Şagadam”)

Meýdandan çykarylanlar: 

60' Meýlis Orazgeldiýew

77' Aşyr Astanow, tälimçi (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Başlanan wagty: 14:00

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: P.Palwanow (Daşoguz ş.), B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)


Bellik: Habarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (www.tff.com.tm) saýtyndan maglumat ulanylandyr.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!