www.jankoyer.com.tm

Transfer. Hawier Maskerano "Inter Maýaminiň" täze tälimçisi bolar

22.11.2024ý.

Öňki futbolçy we Argentinanyň tälimçisi Hawier Makerano, Lionel Messiniň oýnaýan amerikan «Inter Maýami» klubynyň täze tälimçisi bolar. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano, Sezar Luis Merlo salgylanyp habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, Maskerano bilen «Maýaminiň» ýolbaşçylarynyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Argentinaly hünärmeniň Lionel Messi bilen köpden bäri gyzgyn gatnaşygy bar.

Sentýabr aýynda Hawier Maskerano Argentina U20 milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine girişdi. 40 ýaşly hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar dört oýun oýnady we üç ýeňiş gazandy. Onuň ýygyndy bilen şertnamasy dekabr aýynda tamamlanýar.

MLS pleý-offyň 1/8 finalynda «Inter Maýami» üç oýunda (1:2) jemi «Atlanta Ýunaýtedden» utuldy we ýaryşdan çykdy.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!