
TÝL. "Aşgabat" – "Altyn Asyr" duşuşygy 20-nji noýabrda geçirilmez
20.11.2024ý.
20-nji noýabrda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 31-nji tapgyryň senesi öňe süýşürilen «Aşgabat» – «Altyn Asyr» duşuşygy näbelli sebäplere görä ýatyrylandyr. Ýagny, 31-nji tapgyryň «Aşgabat» – «Altyn Asyr» duşuşygy ätiýaçdaky günleriň birine geçirilmegine garaşylýar.
Muňa aýdyň subutnama hökmünde bolsa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (www.tff.com.tm) saýtynda geçirilmeli duşuşyk boýunça paýlaşylan habary aýyrmagy bolup durýar.
Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary 27-nji noýabrda AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda bäşinji duşuşygyny geçirmelidigini ýatladýarys. Şol gün Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Yrak döwletiniň «Eýr Fors» toparyny kabul eder. «Altyn Asyr» – «Eýr Fors» duşuşygy «Aşgabat» stadionynda geçirilip, duşuşyk sagat 19:00-da başlanar.
Baýreýniň “Al-Haldiýa” topary şol gün Saud Arabystanynyň “Al-Tawun” toparynyň myhmany bolar.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!