www.jankoyer.com.tm

Ligue 1. Meşhur fransuz kluby ýokary ligadan çykarylar

16.11.2024ý.

«Olimpik Lion» kluby möwsümiň ahyrynda Fransiýanyň Ligue 1 çempionatyndan çykarylyp, ikinji liga geçiriler. Bu barada abraýly žurnalist Fabrizio Romano habar berýär. Munuň sebäbi klubyň bergileri we maliýe kynçylyklary. «Lion» çykarylmakdan başga-da, transfer gadaganlygyny hem alar.

Häzirki wagtda "dokmaçylar" 11 tapgyrdan soň, 18 utuk bilen Ligue 1 sanawynda bäşinji orunda barýar. Şol bir wagtyň özünde, klub möwsümde UEFA Ýewropa ligasynda oýnaýar. Ol ýerde klub dört tapgyrdan soň, ýedi utuk bilen dokuzynjy orunda barýar. Kluba Pýer Saž ýolbaşçylyk edýär, Aleksandr Lakazett bolsa kapitanlygy göterýär.  

«Lion» öz taryhynda Fransiýanyň ýedi gezek çempiony boldy, soňky gezek çempionlyk adyny 2008-nji ýylda gazandy.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!