Transfer. Joze Mourinýo Hau işinden aýrylsa, "Nýukasla" barmak isleýär
09.11.2024ý.
"The Guardian" gazetiniň habaryna görä, «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi Joze Mourinýo, Eddi Hau iňlis klubynyň baş tälimçisi wezipesinden aýrylan halatynda «Nýukasla» ýolbaşçylyk etmek isleýär.
Çeşmäniň habaryna görä, Mourinýo araçylardan «Nýukaslda» bolup geçýän wakalar barada habarly bolmagyny isledi. Portugaliýaly hünärmen özüniň "Angliýanyň premýer-ligasynda gutarmadyk işi" bar diýip hasaplaýar, premýer-ligada işlemek üçin «Nýukasly» iň gowy warianty diýip kesgitledi.
Mourinýonyň henizem «Nýukaslyň» başlygy Ýassir al-Rumaýan bilen mart aýynda Saud Arabystanyň Formula 1 Gran Prisinde duşuşandan soň, aragatnaşyk saklaýandygy bellendi.
Hau 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri «Nýukaslyň» baş tälimçisi bolup işleýär. Häzirki möwsüm onuň kluby 10 tapgyrda 15 utuk toplap, premýer-liganyň sanawynda 11-nji orunda barýar.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!