"Sent-Etieniň" taryhyndaky ikinji bombardir Meklufi aradan çykdy
09.11.2024ý.
«Sent-Etieniň» öňki futbolçysy Raşid Meklufi 89 ýaşynda aradan çykdy diýip, fransuz klubyň metbugat gullugy habar berýär.
«Sent-Etieniň» agzasy hökmünde dört gezek (1957, 1964, 1967, 1968) Fransiýanyň çempiony boldy we Fransiýa kubogyny aldy (1968). Meklufi 152 gol bilen fransuz klubynyň taryhynda iň köp gol geçirenleriň sanawynda ikinji orunda durýar.
Meklufi karýerasyny tamamlandan soň tälimçi bolup işledi, şol sanda Alžiriň milli ýygyndysyna hem tälim beripdi.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!