“Altyn top 2024” – kimleriň näçe ses alandygy mälim edildi
09.11.2024ý.
“France Football” žurnaly tarapyndan berilýän “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragyna bu ýyl “Mançester Sitiniň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Rodri mynasyp bolupdy. Rodriniň almagyndan soň jedelli gürrüňler az bolmandy. “Altyn topuň” gowşurylýan gününe çenli baýragy “Real Madridiň” braziliýaly ýyldyzy Winisius Junioryň almagyna garaşylýardy. Rodriniň aljagyny öwrenen “Real Madrid” toparynyň muňa reaksiýasy juda agyr bolup, nägileligini bildiren topardan hiç bir wekiliýet dabara gatnaşmandy.
Baýraga dalaşgär görkezilenleriň gazanan utuklary mälim edildi. Baýragyň ýeňijisi Rodri bilen 2-nji ýeri eýelän Winisius Junioryň arasynda juda az utuk tapawudynyň bolandygy ýüze çykdy. Rodri 1170, Winisuis bolsa 1129 utuk alandygy, ýagny utuk aratapawudynyň 41 utukdygy habar berildi. Soňky ýyllarda Messi baýragy 2 gezek juda az utuk aratapawudy bilen alypdy. 2019-njy ýylda Wirjil Wan Deýkden 7, 2021-nji ýylda Robert Lewandowskiden 33 utuk öňe saýlanan Messi 6-njy hem-de 7-nji “Altyn top” baýraklaryny gazanypdy.

3-nji ýeri eýelän Jud Bellingam 917, 4-nji orundaky Dani Karwahal 550 utuk alypdyr. Hollan 432, Mbappe 420, Lautara Martines 402, Ýamal 383, Toni Kroos 291 hem-de Harri Keýn 201 utuk gazanypdyr. Bu ýylky dalaşgär görkezilen 30 futbolçydan diňe 29-njy orny paýlaşan Artýom Dowbyk bilen Mats Hummels ýeke utuk hem gazanyp bilmändirler.
Bilşiňiz ýaly “Altyn top” baýragynyň ýeňijisi dünýäniň käbir ýurtlaryndan saýlanan sport žurnalistleriniň ses bermegi esasynda kesgitlenýär.
1. Rodri – 1170
2. Winisisu Junior – 1129
3. Jud Bellingam – 917
4. Dani Karwahal – 550
5. Erling Holann – 432
6. Kilian Mbappe – 420
7. Lautara Martines – 402
8. Lamin Ýamal – 383
9. Toni Kroos – 291
10. Harri Keýn – 201
11. Fil Foden – 157
12. Florian Wirts – 101
13. Dani Olmo – 86
14. Ademola Lukman – 82
15. Niko Williams – 73
16. Granit Džaka – 60
17. Federiko Walwerde – 58
18. Emiliano Martines – 28
19. Martin Edegor – 16
20. Hakan Çalhanoglu – 15
21. Bukaýo Saka – 14
22. Antonio Rüdiger – 13
23. Ruben Diaş – 8
24. William Saliba – 8
25. Koul Palmer – 7
26. Deklan Raýs – 5
27. Witinýa – 5
28. Aleks Grimaldo – 2
29. Artýom Dowbyk – 0
29. Mats Hummels – 0
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


