www.jankoyer.com.tm
UCL. 4-nji duşuşyklar: “Real” – “Milan”, “Liwerpul” – “Baýer”, “Inter” – “Arsenal”, PSŽ – “Atletiko”
05.11.2024ý.
UEFA Çempionlar Ligasynda şu gije hem-de ertir gije 4-nji duşuşyklar oýnalar. Bu tapgyrda ozalkylara garanyňda güýçli toparlaryň özarasyndaky duşuşyklaryň sany köpräk bolup, her gijede 2-3 öňe saýlanýar.
Tapgyryň iň esasy oýny UEFA Çempionlar Ligasyny iň köp alan 2 toparyň arasyndaky duşuşyk bolup, “Real” Santiago Bernabeuda “Milany” kabul eder. Karlo Ançelottiniň häzirki hem-de öňki klublarynyň arasyndaky oýna sloweniýaly Slawko Wuçiç eminlik edip, duşuşyk 01:00-da başlanar.
Gijäniň ýene bir esasy oýny Angliýada “Liwerpul” bilen “Baýeriň” arasynda geçiriler. Habi Alonso öň ep-esli ýyl çykyş eden klubunyň garşysyna bu gezek tälimçi hökmünde çykar. Duşuşykda niderland Danni Makkeli jürlewük çalar. Fransiýada “Ýuwentus” topary “Lilliň” myhmany bolar. Portugaliýada-da “Sporting” bilen “Mançester Siti” duşuşar.
Ähli ünsler Milanda hem-de Parižde bolar
Çarşenbe gününiň agşamynda-da sanawyň lideri “Aston Willa” myhmançylykda “Klub Brýugge” bilen duşuşar. Ýarygijeden soňky oýunlarda “Inter” bilen “Arsenalyň”, şol sanda PSŽ bilenem “Atletiko Madridiň” arasyndaky oýunlar has köp ünsi çekýär. “Bawariýa” bilen “Benfikanyň” arasyndaky duşuşygyň hem köp golly bolmagyna garaşylýar. Soňky duşuşyklarynda uly hasaplar bilen ýeňiş gazanýan “Barselona” topary Belgradda “Srwena Zwezda” toparynyň myhmany bolar. Germaniýadaky “Ştutgart” bilen “Atalantanyň” arasyndaky oýun hem deňeçerräk ýagdaýda geçer diýlip çaklanylýar.
5-nji noýabr (sişenbe)
22:45 PSW – Žirona
22:45 Slowan Bratislawa – Dinamo Zagreb
01:00 Bolonýa – Monako
01:00 Borussiýa Dortmund – Şturm Gras
01:00 Seltik – Leipsig
01:00 Liwerpul – Baýer
01:00 Lill – Ýuwentus
01:00 Real Madrid – Milan
01:00 Sporting – Mançester Siti
6-njy noýabr (çarşenbe)
22:45 Klub Brýugge – Aston Willa
22:45 Şahtýor Donesk – Ýang Boýz
01:00 Sparta Praga – Brest
01:00 Bawariýa – Benfika
01:00 Inter – Arsenal
01:00 Feýenoord – Red Bull Salsburg
01:00 Srwena Zwezda – Barselona
01:00 PSŽ – Atletiko Madrid
01:00 Ştutgart – Atalanta
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


